Ak bugdaý etrabynda zenanlaryň el hünärine bagyşlanan dabara geçirildi

19:1908.11.2019
0
971

Ahal welaýat merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň öňündäki meýdançada «Zenan edebiniň zynaty» ady bilen özboluşly dabara geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan guralan dabara welaýatyň ähli ýerinden çeper elli, zähmetsöýer zenanlar gatnaşdy. Olar ussatlyk bilen ýerine ýetirilen el işleriniň giň göwrümli sergisini guramak bilen, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünäriniň aýratynlyklaryny açyp görkezdiler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Zenan bagşylaryň egsilmez joşguna beslenen aýdym-sazlary astynda zenanlaryň öz şägirtleri bilen haly, tara dokaýan, gurnama gurnaýan, düşek, lybas tikýän, seçek seçekleýän, ýüň daraýan, ýüňi saýýan, ik egirýän, ýumak soraýan, keçe gülleýän, keçe basýan, keşde, jähek çekýän, aldymgaç kakýan we el işleriniň aýratynlygy barada ýaşlara gürrüň berýän pursatlary dabara baý many-mazmun çaýdy. Ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan bu dabara oňa gatnaşanlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň