Arhiw

Türkmenabatdaky hususy kärhanada ýylyň başyndan bäri 900 müňe golaý jorap öndürildi

00:2808.11.2019
0
2559

Telekeçi Atamyrat Jumakulyýewe degişli hususy kärhanada öndürilýän jorap önümleriniň görnüşleri barha artmak bilen. Häzir bu ýerde zenanlar üçin, erkekler üçin gyşky-ýazky joraplar, çaga joraplary, kelte joraplar öndürilýär. Bular 24-nji ölçegden başlap, 44-nji ölçege çenli aralykda öndürilýär ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Esasy çig mal hökmünde pagta ýüplügi ulanylýar. Şeýle-de spandeks, elastan diýlip atlandyrylýan elastik maddalar hem goşulýar. Jorap önümçiliginde ulanylýan maşynlar Italiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan getirilipdir hem-de olar iň kämil kompýuter programmalary bilen üpjün edilipdir. Maşynlar bir gije-gündizde 150-den 220-ä çenli joraby öndürip bilýär. Bu san jorabyň görnüşine, ölçegine, uzyn-galyňlygyna baglydyr.

Bu ýerde ýylyň başyndan bäri 874 müňden gowrak jorap önümi öndürilip, welaýatymyzyň bazarlaryna, söwda nokatlaryna ugradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň