Balkanly pagtaçylar döwlet borçnamasyny amal etdiler

23:4507.11.2019
0
4639

Hasyl toýunyň öň ýanynda, Balkan welaýatynyň pagtaçylary pagta çig malyny taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 5 müň tonnadan gowrak «ak altyn» taýýarlap, Watan harmanyna goşdular ― diýip, TDH ýazýar.

Welaýatyň Garagum derýasynyň suwy bilen suwarylýan oba hojalyk ekinleriniň esasy bölegi Serdar we Bereket etraplarynda ýerleşýär. Ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp, meýdanlarda gowaçanyň orta süýümli görnüşleri ekildi. Pagta çig malyny taýýarlamak baradaky döwlet borçnamasyny ýerine ýetiren balkanlylaryň üstünligi ekerançylaryň ençeme aý çeken zähmetiniň, olaryň ähli agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen ekinlere eden gündeki ideginiň kanunalaýyk netijeleridir.

Günbatar sebitimiziň daýhanlary şu «ak altyn» möwsüminde ajaýyp netijeleri gazanyp, ýurdumyzyň oba senagat ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň netijesinde özleri üçin döredilen uly ykdysady höweslendirmelere daýanmak bilen, ýetişdirilen hasyly iň soňky übtügine çenli ýygnap almak üçin meýdanlarda depginli zähmet çekmeklerini dowam edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň