Arhiw

ürkmenistanyň Adalat ministrliginde adminstratiw önümçilige we iş ýöredişine bagyşlanan maslahat geçirilýär

23:3807.11.2019
0
5329

Düýn Adalat ministrliginiň edara binasynda «Administratiw önümçiligiň we administratiw iş ýöredişiň gatnaşyjylary» atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. 10-njy ýola geçirilýän bu çäre Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň bilelikde guramagynda geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

 40 töweregi döwletiň — Türkmenistanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň, Polşanyň, Italiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň hukuk ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän maslahat 2 günläp dowam eder. Çärede administratiw hukugy boýunça birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler administratiw önümçilikde üçünji taraplaryň gatnaşmagynyň şertleri, administratiw işlere kazyýetde garalmagy, administratiw önümçilikden çykarylýan şahslar, prokuratura edaralarynyň administratiw önümçilige we administratiw iş ýöredişe gatnaşmagynyň häzirki zaman görnüşleri, administratiw önümçilige gatnaşyjylaryň diňlenmäge bolan hukugy dogrusynda gürrüň berdiler.

Mälim bolşy ýaly, administratiw hukuk hukuk ulgamynyň möhüm düzümleýin bölegi bolup, adam hukuklarynyň dabaralanýan ýurdunda — Türkmenistanda bu babatda saldamly işler durmuşa geçirilýär. Maslahata gatnaşyjylar bu hakda çykyşlarynyň dowamynda aýratyn durup geçdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary dünýä bileleşiginde esas bolup durýan resminamalarda berkidilen adamyň syýasy, raýatlyk, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny we azatlyklaryny doly kepillendirýär. Geçen ýyl dünýä jemgyýetçiligi adam hukuklary babatda esasgoýujy halkara resminama bolan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 70 ýyllygyny dabara bilen belläp geçdi. Bu baýramçylygyň Türkmenistanda hem giňden bellenilendigi barada maslahatyň dowamynda nygtaldy.

Çykyşlarda mundan başga-da, jemagat hukugynda subýektiw hukugyň orny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň wekili, prokuraturanyň orny dogrusynda bellenip geçildi.

Maslahatyň ilkinji güni 4 sessiýadan ybarat boldy.

Şu gün ylmy-amaly çäre öz işini paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň