Soňky habarlar

Arhiw

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Bawariýa», «Ýuwentus» we PSŽ wagtyndan ozal pleý-offlara çykdy

23:2207.11.2019
0
4622

6-njy noýabrda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň dördünji tapgyrynda sekiz duşuşyk geçirildi diýip, Sports.ru habar berýär.

Dördünji tapgyrdan soňra «Bawariýa» (Germaniýa), «Ýuwnetus» (Italiýa), «Pari Sen-Žermen» (Fransiýa) klublary wagtyndan ozal pleý-offlara çykmaga hukuk gazandylar. Belgiýanyň «Genk», Franisýanyň «Lill» we Türkiýäniň «Galatasaraý» klublary bolsa bu hukugy dolulygyna ýitirdiler.

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bäşinji tapgyrynyň duşuşyklary 26 we 27-nji noýabr günlerinde geçiriler. 16-njy dekabrda bolsa 1/8 final üçin bije çekilişik bolar. Bije çekilişige toparçalarda birinji we ikinji orunlary eýelän klublar gatnaşar.

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň dördünji tapgyrynyň çäginde 6-njy noýabrda geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

«A» toparça

«Real» (Ispaniýa) — «Galatasaraý» (Türkiýe) — 6:0

Gollar: Rodrigu, 4 (1:0). Rodrigu, 7 (2:0). Serhio Ramos, 14 ― 11 m.j.u. (3:0), Benzema, 45 (4:0), Benzema, 81 (5:0). Rodrigu, 90+2 (6:0).

«Pari Sen-Žermen» (Fransiýa) — «Brýugge» (Belgiýa) — 1:0

Gol: Ikardi, 22.

Nätakyk 11 metrlik jerime ugrusy: Dian («Brýugge»), 76 (derwezewan).

«B» toparça

«Bawariýa» (Германия) — «Olimpiakos» (Греция) — 2:0

Gollar: Lewandowskiý, 69 (1:0). Perişiç, 89 (2:0).

«Srwena Zwezda» (Serbiýa) — «Tottenhem» (Angliýa) — 0:4

Gollar: Lo Selso, 34 (0:1), Son Hyn Min, 57 (0:2), Son Hyn Min, 61 (0:3), Eriksen, 85 (0:4).

C toparça

«Dinamo» (Horwatiýa) — «Şahtýor» (Ukraina) — 3:3

Gollar: Patrik, 13 (0:1). Petkowiç, 25 (1:1). Iwanuşes, 83 (2:1). Ademi, 89 (3:1). Moraes, 90+3 (3:2). Tete, 90+8 ― 11 m.j.u. (3:3).

«Mançester Siti» (Angliýa) — «Atalanta» (Italiýa) — 1:1 (0:1)

Gollar: Sterling, 7 (0:1). Paşaliç, 49 (1:1).

D toparça

«Lokomotiw» (Russiýa) — «Ýuwentus» (Italiýa) — 1:2

Gollar: Remsi, 4 (0:1). Mirançuk, 12 (1:1). Duglas Kosta, 90+3 (1:2).

«Baýer» (Germaniýa) — «Atletiko» (Ispaniýa) — 2:1 (1:0)

Gollar: Parteý, 41 — ö.d. (1:0). Folland, 55 (2:0). Morata, 90+4 (2:1). 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň