Soňky habarlar

Arhiw

«Abadan Haly» eksportyny artdyrýar

10:3307.11.2019
0
3879

«Abadan Haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanda haly we haly önümleriniň esasy öndürijisi bolup durýar. Kärhana öndürýän halylaryny daşary ýurtlara eksporty ösdürmegi maksat edinýär. Muňa häzirkizaman tehnologiýa, iň täze enjamlar we döwlet tarapyndan berilýän goldaw ýardam edýär.    

Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, «Abadan Haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümleriniň eksporty 2019-njy ýylyň 10 aýynda 108 074,95 м2 deň boldy. Bu döwürde halylar we haly önümleri Gazagystan Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna we Azerbaýjan Respublikasyna iberildi. 

2019-njy ýylda türkmen halylaryny import eden ýurtlaryň sanynyň artandygy hem bellärlikidir. Gümrük statistikasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, soňky aýda haly we haly önümleriniň Azerbaýjan Respublikasyna eksporty has-da artdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň