Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary döwlet borçnamasyny berjaý etdiler

23:3606.11.2019
0
4286

Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary «ak altyn» öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 140 müň gektar meýdandan Watan harmanyna 230 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyrdylar ― diýip, TDH habar berýär.

Gazanylan bu üstünlik kärendeçileriň, hususy pagta öndürijileriň, kämil tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň, suw hojalyk işgärleriniň, oba hojalygyny onuň pagtaçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp barýan adamlaryň ählisiniň agzybirlikli we tutanýerli çeken zähmetiniň netijesidir. Welaýat boýunça “ak altynyň” bol hasylynyň öndürilmeginde etraplaryň pagtaçylyk hojalyklarynyň, öňdebaryjy hasyl ussatlarynyň her biriniň mynasyp goşandy bar. Görogly, Saparmyrat Türkmenbaşy we S.A.Nyýazow adyndaky etraplaryň pagtaçy daýhanlarynyň çeken netijeli zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr diýlip, Gutlagda aýdylýar.

Bu gezekki pagta ýygymy möwsüminde häzirki zaman pagta ýygyjy kombaýnlarynyň 305-si işledildi. Bular «Jon Deere» kysymly ýokary öndürijilikli amerikan kombaýnlarydyr. Şolaryň 63-si welaýata şu ýyl gelip gowuşdy hem-de olar Özbegistanyň MХ-1,8 kysymly pagta ýygyjy traktorlary bilen utgaşdyryldy. Hasyl daşamakda awtoulaglaryň ýüzlerçesi we tirkegli traktorlar ulanyldy.

Ýetişdirilen hasyly kabul etmek we gaýtadan işlemek üçin welaýatyň çäklerinde kabul ediş bölümleriniň 47-si we pagta arassalaýjy kärhanalaryň 10-sy hereket edýär. Häzirki döwürde Daşoguz welaýatynda pagtany gaýtadan işleýän ýöriteleşdirilen önümçilik kuwwatlyklary işleýär. Şolaryň hatarynda ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna barabar bolan pagtanyň tohumlyk çigidini gaýtadan işleýän ýöriteleşdirilen kärhana we Köneürgenç etrabynda birbada 10 müň tonna pagta hasylyny saklamaga niýetlenen kabul ediş terminaly bar.

Çig maly gaýtadan işleýän täze önümçilikleriň hasabyna sebitleriň senagat kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen döwlet taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrmagy netijesinde, Daşoguz welaýatynyň iri pagta egriji kärhanalaryň 3-si üstünlikli hereket edýär. Şolaryň önümleri ýurdumyzyň içine bolşy ýaly, daşarky bazarlara-da ugradylýar. Şolaryň iň irileriniň birinde her ýylda 16,6 müň tonnadan gowrak pagta süýümi gaýtadan işlenilýär we ondan dünýäniň dürli künjeklerinde uly islegden peýdalanýan «Ring» kysymly ýokary hilli pagta ýüplüginiň 14,5 müň tonnasy öndürilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň