Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrýar

11:1106.11.2019
0
6541

 

Şu gün – 6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlanýar. Bu barada 1-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

TDH-nyň ýazmagyna görä,  Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky saparyň çäklerinde hökümetara we pudagara derejelerde resminamalaryň uly toplumyna, şeýle hem hususy ulgam boýunça resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Resmi sapar 6-7-nji noýabr aralygynda amala aşyrylýar.

Türkmen-italýan gatnaşyklaryna degişli käbir maglumatlary “Türkmenportalyň” okyjylaryna ýetirýäris.

1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar ýola goýuldy.

2009-njy ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti  Italiýanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi.

2009-njy ýylyň 30-nji sentýabrynda Aşgabatda birinji türkmen-italýan işewürlik maslahaty  geçirildi.

2009-njy ýylyň 24 — 25-nji noýabrynda Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti bu döwlete ilkinji resmi saparyny amala aşyrdy.

2009-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Italiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň  we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi.

2010­njy ýylyň  14­nji sentýabrynda Aşgabatda türkmen­italýan işewürler maslahaty geçirildi.

2013-nji ýylda Türkmenistanda Italiýa Respublikasynyň ilçihanasy açyldy.

2014-nji ýylyň 16 – 21-nji oktýabry aralygynda Italiýanyň Latina şäherinde XVI Halkara sirk festiwaly geçirilip, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ýeňiş gazanyp, dünýä derejeli “ýyldyzlar” diýlip ykrar edildi. Olara bäsleşigiň esasy baýragy – “Latina – 2014” altyn kubogy we degişli diplom gowşuryldy.

2014-nji ýylyň 18-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistana iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi.

2015-nji ýylyň 3-4-nji maýy aralygynda boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

2015-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Milan şäherindäki “EKSPO – 2015” sergi toplumyna baryp gördi.

2015-nji ýylyň 4-nji maýynda Rimde Türkmenistanyň Prezidenti bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň we ýurduň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi.

2016-njy ýylda Italiýada Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy.

2017-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýego Ungarony kabul etdi.

2018-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Diýego Ungaronyň arasynda gepleşikler geçirildi.

2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Italiýanyň söwda boýunça agentliginiň bilelikde guramagynda türkmen-italýan işewürlik maslahaty boldy.

2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Italýan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefanonyň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen türkmen-italýan syýasy geňeşmeleri geçirildi.

2019-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisinde Italiýa Respublikasynyň parlamentiniň Deputatlar palatasynyň wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

2019-njy ýylyň 14-15-nji oktýabrynda Italiýada türkmen wekiliýeti bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasarynyň arasynda gepleşikler geçirildi.

2019-njy ýylyň 2–nji oktýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Köne Nusaýda gazuw-agtaryş işlerini alyp barýan Italiýa Respublikasynyň alymlary bilen duşuşyk geçirildi. 

“Türkmenistan” gazeti, 5-nji noýabr

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň