Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

23:5405.11.2019
0
11080

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Onda şu ýylyň geçen on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleri, döwlet bähbitlerini goramak boýunça görülýän yzygiderli çäreler;

goranmak ministri B.Gündogdyýew Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysynyň ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, esgerleriň we serkerdeleriň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

içeri işler ministri M.Çakyýew awtoulag ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen görlen çäreler;

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hasabat döwründe kazyýet işini talabalaýyk guramak hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça görlen çäreler;

Baş prokuror B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň başyndan bäri amala aşyran işleriniň netijeleri hem-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew Türkmenistanyň serhedindäki işleriň ýagdaýy hem-de gullugyň 2019-njy ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we Watan goragçylarynyň gulluk etmegi üçin döredilýän şertler;

adalat ministri B.Muhamedow hereket edýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak maksady bilen görlen çäreler;

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda bu düzümiň işini kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan, yzygiderli durmuşa geçirilýän Harby doktrinasynyň esasyny düzýän parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrjakdygyny, edermen Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek arkaly harby gullukçylar barada hemişe alada etjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň