Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2019, 24-nji tapgyr: «Ahal» bilen «Altyn asyr» nobatdaky ýeňşini gazandylar

23:5305.11.2019
0
5524

Şu gün Aşgabatda we Balkanabatda geçirilen üç duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 24-nji tapgyryna badalga berildi.

Öz meýdanynda geçirilen duşuşykda ynamly ýeňiş gazanan «Altyn asyr» çempionlyga bolan mümkinçiligini has hem artdyrdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri «Energetigi» 3:0 hasabynda ýeňdiler. «Altyn asyryň» ilkinji pökgüsini heniz 2-nji minutda Resul Hojaýew geçiren bolsa, 21-nji minutda «Energetigiň» futbolçysy Döwlet Mirsultanowyň öz derwezesine geçiren goly bilen «Altyn asyr» 2:0 hasabynda öňe çykdy. 45-nji minutda tapawutlanan Mihail Titow bolsa umumy duşuşygyň netijesine öwrülen goly geçirdi. Şeýlelikde, bu ýeňişden soňra «Altyn asyr» ýaryşdaky iň ýakyn garşydaşy bilen aralygy 7 utuga çenli uzatdy.

«Nebitçi» öz meýdanynda «Ahaldan» 0:2 hasabynda asgyn geldi. Myhman toparyň gollaryny Guwanç Abylow (26-njy minut) bilen Hoşgeldi Hojowow (35-nji minut) geçirdi. Bu ýeňişden soňra utugyny 41-e çykaran «Ahal» üçünji orundaky ýerini saklap galdy, 20 utukly «Nebitçi» bolsa ýaryşyň ýedinji basgançagynda galdy.

«Köpetdag» öz meýdanynda «Merwi» 2:0 hasabynda ýeňdi. 22-nji minutda Baýramhan Kadyrow hasaby açdy. Tofik Şükürowyň şägirtlerinden ýeňiş pökgüsini bolsa 68-nji minutda 19 ýaşly hüjümçi Roman Galkin geçirdi. Utugyny 38-e çykaran «Köpetdag» dördünji, 11 utukly «Merw» bolsa ýaryş tertibiniň soňky basgançagynda galdy.

24-nji tapgyr 6-njy noýabrda «Nisa» stadionynda geçiriljek «Aşgabat» ― «Şagadam» duşuşygy bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň