Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi

23:4705.11.2019
0
4402

5-nji noýabrda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Permana gol çekdi – diýip, TDH ýazýar.

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 54-nji, 56-njy, 72-nji we 88-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Toýnazar Annanazarowiç Hudaýnazarowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Ahal welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Kyýas Öwezowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Öwezmyrat Sapargeldiýewiç Bäşimowy Ahal welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, Ahal welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Aýly Gurbanmuhammedowiç Meretnyýazowy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Öwezmyrat Begmyradowiç Döwletowy Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Berdimyrat Ýezdankuliýewiç Saparmamedowy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Şöhrat Iloglyýewiç Mämmetgurbanowy, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Perhat Hydyrowiç Karýagdyýewi, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Ahal welaýatynyň Tejen etrap, şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Nurgeldi Arazmuhammedowiç Gutlyýewi, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Maksat Serdarowiç Annaýewi Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň