Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan Sport» nemes «klassikosyny» göni ýaýlymda görkezer

20:4005.11.2019
0
3649

«Türkmenistan Sport» teleýaýlymy Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan gyzykly duşuşyklary göni ýaýlymda alyp görkezmegini dowam edýär.

Öňümizdäki hepdäniň iň täsirli duşuşyklarynyň biri bolan Bawariýa ― Borussiýa Dortmund duşuşygy hem ýaýlym arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Duşuşyk 9-njy noýabrda 22:25-de başlar.

Şeýle hem şu hepde türkmenistanly futbol janköýerlerine «Milan», «Ýuwnetus», «Barselona» ýaly güýçli toparlaryň duşuşyklary garaşýar. Göni ýaýlymda görkeziljek duşuşyklar bilen Turkmen TV saýtyndan hem tanyşmak mümkindir.

08.11.2019 ý.

Fransiýa, Liga 1, «Nissa» ― «Bordo», 00:40

Ispaniýa, La Liga, «Walensiýa» ― «Granada», 19:55

09.11.2019 ý.

Germaniýa, Bundesliga, «Bawariýa» ― «Borussiýa Dortmund», 22:25

Ispaniýa, La Liga, «Barselona» ― «Selta», 00:55

Angliýa, Çempionşip, «Kardif Siti» ― «Bristol Siti», 16:55

10.11.2019 ý.

Ispaniýa, La Liga, «Atletiko Madrid» ― «Espanýol»

Italiýa, Seriýe A, «Parma» ― «Roma», 21:55

Italiýa, Seriýe A, «Ýuwnetus» ― «Milan», 00:40. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň