Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara Gutlagy

01:5905.11.2019
0
2845

Şu gün – 5-nji noýabrda Aşgabatda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty öz işine başlaýar. Bu çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagyny ýollady. Onda şeýle diýilýär.

“Hormatly myhmanlar!
Hormatly neşirýat ulgamynyň işgärleri!
Eziz ildeşler!

Sizi «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bu halkara kitap baýramçylygynyň işine gatnaşmak üçin eziz Diýarymyza gelen myhmanlara, halkara sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna ähli gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýärin.

Taryh üçin uly bolmadyk döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda düýpli özgertmeler, giň möçberli işler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetildi. Häzirki döwürde ata Watanymyz ösen tehnologiýalara, innowasiýalara esaslanýan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden barha köp peýdalanýan, ýokary depginler bilen ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan halkara çäreleriniň ýygy-ýygydan geçirilýän ýurduna öwrüldi. Bu çäreleriň hatarynda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň aýratyn orny bardyr. Halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty bu ýyl halkymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalar bilen utgaşyp geldi.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda hem ýurdumyz belent sepgitlere ýetdi. Bu biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämize laýyk gelýär. Şu ýylda gazanan üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz onuň şeýledigini ýene-de bir gezek subut etdi. Gazanylan üstünlikleriň her biri halkymyzda eziz Watanymyza çäksiz buýsanç hem-de söýgi duýgularyny döretdi.

Türkmenistanyň ýetýän belent sepgitlerini we gazanýan üstünliklerini, mähriban halkymyzyň durmuşynda amala aşyrylýan özgertmeleriň özenini, many-mazmunyny, ähmiýetini açyp görkezmekde, wagyz etmekde we dünýä ýaýmakda, halkara derejesinde iň täze gazanylanlaryň halkymyza ýetirilmeginde döwürleýin metbugata, neşirýat-çaphana ulgamyna möhüm orun degişlidir. Geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň bu ulgamy ösdürmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Kitap ruhy baýlyk bolup durýar. Ýokary derejede çeper we hakyky sungat eserleri bolsa, haýsy halka ýa-da millete degişliligine garamazdan, umumadamzat gymmatlygyna öwrülýärler.

Türkmen halky milli gymmatlyklaryna daýanyp, däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna sarpa goýup, olary döwre görä kämilleşdirip, belent sepgitlere ýetýär. Geçmişde ata-babalarymyz kitaby mukaddeslik hasaplapdyrlar. Ony özüniň ruhy gymmatlygy hökmünde arzylapdyrlar. Söze, kitaba bolan şol belent sarpa häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Şonuň üçin hem biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çeper eserleri we okuw kitaplaryny çap etmek işine ünsi has-da güýçlendirdik. Jemgyýetiň ösüşiniň aýratynlyklaryny biz döwrebap many-mazmuna eýe bolan, häzirki zaman okyjysynyň talaplaryna laýyk gelýän kitaplarda görýäris. Kitap — her bir adam üçin ruhy kämilligiň hemişelik hem-de taýsyz gymmatly çeşmesi bolup durýar.

Hormatly neşirýatçylar!
Çaphana ulgamynyň işgärleri!
Çeper söz ussatlary!

Ylym, bilim, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlar bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan neşirýat ulgamy halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesillerimiziň aň-düşünjesiniň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, biz neşirýatçylaryň döredijilikli, netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretdik.

Döwür neşirýat-çaphana ulgamynyň işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýýar. Ýazylýan kitaplaryň many-mazmunynyň ilhalar bolmagy, redaktirlemek, bezeg we neşir işleriniň has kämil derejä ýetirilmegi, bu işde dünýä tejribeleriniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy, aýratyn hem mekdebe çenli çagalar edaralaryna, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerine niýetlenen kitaplardyr gollanmalaryň öz wagtynda we talabalaýyk çap edilmegi üçin siz zehiniňizi, yhlasyňyzy, tejribäňizi gaýgyrmaly dälsiňiz.

Hormatly halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!

Sizi dostlugyň we hoşniýetliligiň mekanyna öwrülen ýurdumyzda geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, uzak ömür, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň