Bişkegiň «Dordoýy» AFK-nyň kubogy ― 2020-ä gatnaşar

13:1704.11.2019
0
3569

Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň çempiony bolan Bişkek şäheriniň «Dordoýy» 2020-nji ýylyda AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy diýip, «Sport.kg» saýty ýazýar.

«Dordoý» toparçalaýyn tapgyrda Täjigistanyň çempiony «Istiklol», Türkmenistanyň çempiony we saýlama tapgyrdan gelen topar bilen ýaryşar. Saýlama tapgyra gatnaşjak dört ýygyndynyň ikisi mälim. Olar Gyrgyzystanyň futbol kubogynyň eýesi «Neftçi» bilen Owganystanyň çempiony «Tufan Heriruddyr». Bu iki toparyň ýanyna Täjigistanyň we Türkmenistanyň kubogynyň eýeleri hem goşular. Saýlama tapgyryň beýleki toparlary 24-nji noýabrda we 12-nji dekabrda belli bolar.

AFK-nyň kubogy Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan klublaryň arasynda geçirilýän ikinji derejeli halkara futbol ýaryşydyr. Oňa AFK-nyň Çempionlar ligasynyň derejesinden pes bolan döwletleriň çempionlary we kubok ýaryşlarynyň ýeňijileri gatnaşýar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň