Soňky habarlar

Arhiw

«Watan» DGES-i şu ýyl 1 milliard kilowat sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürdi

16:0603.11.2019
0
1209

Uly möçberli tebigy-serişde mümkinçiligi bolan we ýurdumyzyň iri senagat klasterine öwrülýän Lebap welaýatynda hereket edýän «Watan» Döwlet gazturbinaly elektrik stansiýasy şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 1 milliard kilowat sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürdi ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet gazeti habar berýär.

Iň döwrebap energetika toplumy 2016-njy ýylyň tomsunda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Häzirki wagtda taslama kuwwatlylygy 254 megawat bolan elektrik stansiýasy Amerikanyň dünýä belli «General Electric» kompaniýasynyň gazturbinaly enjamlary we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan, gije-gündiziň dowamynda üznüksiz işläp, Lebap welaýatynyň iň döwrebap senagat toplumlaryny, gidrotehniki desgalaryny we ilatly ýerlerini elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Elektrik energiýasynyň artygy eksporta ugradylýar.

Şeýle hem, Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 149 megawat bolan «Lebap» DES-i hereket edýär. Häzirki wagtda onuň golaýynda Ýaponiýanyň Sumitomo we Mitsubishi, şeýle hem Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýalarynyň gatnaşmagynda kuwwatlylygy 432 megawatt bolan döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýasy gurulýar, onuň işe girizilmegi bilen türkmen elektrik energiýasynyň daşarky bazarlara iberilmegi ep-esli artar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň