Türkmenistanda birža söwdalarynyň onlaýn ulgamy işlenip düzülýär

15:3002.11.2019
0
5196

1-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi ― diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer wideoşekiller arkaly döwlet Baştutanynyň garamagyna Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini iki tapgyrda döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri hödürledi.

Birinji tapgyrda şertnamalary biržada bellige almak hyzmatlaryny elektron görnüşinde internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak üçin şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ulgamyň girizilmegi bilen, birža hyzmatlaryny «onlaýn» tertipde amala aşyrmaga mümkinçilik dörediler. Bu ulgam resminama dolanyşygynyň döwrebap usullaryny ýola goýmak bilen, iş öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna, şertnamalary bellige almagyň möhletini çaltlandyrmaga, maglumatlaryň ygtybarly elektron binýadyny döretmäge ýardam eder.

Ikinji tapgyrda birža söwdalaryny sanly ulgam arkaly geçirmegi ornaşdyrmak teklip edilýär. Birža söwdalarynyň «onlaýn» tertibinde guralmagy söwda gatnaşyjylara birža barmazdan, dünýäniň islendik künjeginden sanly ulgam arkaly gatnaşmaga mümkinçilik döreder. Bu bolsa bäsleşikli söwdalara köp sanly alyjylaryň gatnaşmagyna we harytlaryň amatly bahalarynyň emele getirilmegine, eksportyň möçberiniň artmagyna ýardam eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň