Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Koreý okuw merkezini açmak meýilleşdirilýär

13:0302.11.2019
0
581

Aşgabatda Koreý okuw merkezini açmak meýilleşdirilýär. Bu barada 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisininde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa öz hasabatynda belläp geçdi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, milli parlamentiň wekiliýetiniň 27 — 31-nji oktýabrda Koreýa Respublikasyna bolan iş saparynyň barşynda Seul döwlet uniwersitetiniň işi bilen tanyşdylar. Şeýle-de, wekiliýet Halkara gaznasyna baryp gördi, bu gazna dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunda 180-e golaý merkezi özünde jemleýär. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň spikeri bilen duşuşyk geçirildi. Onda parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna hem-de olary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, bilim ministri bilen bolan duşuşygyň barşynda bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi, hususan-da, Aşgabatda Koreý okuw merkezini açmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň