Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen parlamentiniň wekilleri Baku şäherinde iş saparynda bolar

12:5602.11.2019
0
11685

Noýabr aýynyň birinji ongünlüginde türkmen parlament wekiliýetiniň Baku şäherine iş sapary guralar. Bu sapar azerbaýjan tarapynyň teklibiniň gelip gowşmagy esasynda amala aşyrylýar. Parlamentiň wekiliýetiniň nobatdaky sapary barada 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisininde Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa öz hasabatynda belläp geçdi.

TDH-nyň habar bermegine görä, saparyň çäklerinde kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga,  parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe çäreler we duşuşyklar meýilleşdirildi. Şol sanda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy bilen duşuşmak, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky «ASAN» hyzmat durmuş innowasiýalary we raýatlara hyzmat etmek boýunça döwlet agentliginiň işi bilen tanyşmak we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Munuň özi häzirki döwürde netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti parlamentara gatnaşyklaryny has-da giňeltmek baradaky meselelere ünsi çekip, bu ugurdaky görülýän çäreleriň Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, dünýä jemgyýetçiligini biziň içeri we daşary syýasatymyz, ýurdumyzyň häzirki zamanda gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň