Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwaly geçiriler

12:0002.11.2019
0
9205

19 — 23-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwaly geçiriler. Bu barada 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa öz hasabatynda belledi.

TDH-nyň ýazmagyna görä, döredijilik forumyna ABŞ-dan, Eýrandan, Italiýadan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Türkiýeden, Ukrainadan, Özbegistandan we Estoniýadan teatr toparlarynyň, sungatşynaslaryň hem-de sahna işi boýunça hünärmenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Festiwala gatnaşyjylar öz sahna oýunlaryny görkezerler, şeýle hem onuň çäklerinde sungat sergileri, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar we ussatlyk sapaklary geçiriler. Myhmanlar üçin Aşgabadyň muzeýlerine we gözel ýerlerine gezelençler guralar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, şeýle medeni çäreleriň milli medeniýetimizi we sahna sungatymyzy ösdürmekde hem-de baýlaşdyrmakda, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýän tejribäni giňden alyşmakda ähmiýetiniň uludygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň