Soňky habarlar

Arhiw

Hökümetara türkmen-täjik toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi

23:4301.11.2019
0
3647

1-nji noýabrda Aşgabatda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Oňa iki döwletiň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

TDH-nyň habar bermegine görä, gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň hem-de dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilişiniň barşyny goşmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň anyk meseleleri girizildi.

Duşuşygy açyp, her toparyň ýolbaşçysy häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar hem-de Türkmenistanyň we Täjigistanyň bar bolan mümkinçiliklerini nazara almak bilen, taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmegi maksat edinýändiklerini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan netijeli türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýeti köp babatda iki döwletiň Liderleri — Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon tarapyndan ägirt uly üns berilmegi bilen şertlenendir. Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda mähirli, özara hormat goýmak gatnaşyklary emele geldi.

Bu ýere ýygnananlar netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde özara gyzyklanma bildirilýändigini belläp, gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça birnäçe anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýangyç-energetika ulgamy, senagat we elektroenergetika, oba we suw hojalygy, saglygy goraýyş, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda agzaldy. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns çekildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, birek-birege iberilýän harytlaryň görnüşini we mukdaryny hem-de edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmegiň, telekeçilik düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygy nygtaldy.

Ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda iki goňşy ýurduň halklaryny baglanyşdyran taryhy-medeni gatnaşyklary göz öňünde tutup, ynsanperwer ulgamda özara hereket etmäge hem uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurtda guralýan Medeniýet günleriniň hem-de beýleki iri möçberli medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.

Mejlise gatnaşyjylar geçirilen gepleşikleriň netijeli bolandygyny belläp, ara alnyp maslahatlaşylan hem-de durmuşa geçirilmegi bellenilen anyk işleriň ählisiniň öňünde täze gözýetimler açylýan köptaraply döwletara hyzmatdaşlygyny yzygiderli artdyrmaga gönüden-göni ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli beýannamalara gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň