Soňky habarlar

Arhiw

Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin gepleşikleri geçirildi

21:5401.11.2019
0
3812

Şu gün – 2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň Konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşiriniň ýazmagyna görä, geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän konsullyk meseleleriň, Türkmenistanyň raýatlarynyň Gruziýadaky hukuk ýagdaýy, Gruziýanyň raýatlarynyň Türkmenistandaky hukuk ýagdaýy, Gruziýada okaýan türkmen talyplarynyň we beýleki meseleleri jikme-jik maslahatlaşdylar.

Gün tertibine laýyklykda, taraplar Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullygy we Gruziýanyň migrasiýa häkimiýetleriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeler türkmen-gruzin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly we işjeň ýagdaýda geçdi. Ikirataplaýyn geňeşmeleriň soňunda Türkmenistan bilen Gruziýanyň  arasyndaky konsullyk geňeşmeleriň Teswirnamasyna gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň