Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Türkiýäniň futzal ýygyndylary üç günüň içinde iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler

21:2701.11.2019
0
4782

Şu gün Türkmneistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Türkiýede geçirýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde ýerli ýygyndy bilen ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynyň berýän maglumatyna görä, duşuşyk türk ýygyndysynyň peýdasyna 4:3 hasabynda tamamlandy. Ýerli toparyň gollarynyň ählisini Burak Özdemir geçiren bolsa, türkmen futzalçylaryndan Myrat Annaýew, Ysmaýylmuhammet Öwekow we Mülkaman Annagulyýew tapawutlandy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Türkiýäniň futzal ýygyndylary üç günüň içinde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirdiler. Ilkinji duşuşykda türkmen futzalçylary garşydaşlaryny 5:1 hasabynda ýeňipdiler.

Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynyň taýýarlygynyň çäginde geçirilendigini ýatladýarys. Yklym çempionaty indiki ýylyň 24-nji fewraly ― 10-njy marty aralygynda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň