Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

23:4531.10.2019
0
4554

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sanynyň sahypalarynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň üçünji çärýeginde ýokary derejede geçiren duşuşyklary we gepleşikleri yzygiderli tertipde beýan edilýär ― diýip, TDH habar berýär.

Žurnalyň sahypalarynda birinji Hazar ykdysady forumy we oňa gabatlanylyp geçirilen çäreler, şol sanda halkara innowasion tehnologiýalar sergisi we «Türkmen sährasy — 2019» awtoulag gözden geçirilişi barada makala ýerleşdirildi.

Makalada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň baştutanlary bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklary hem şöhlelendirildi.

Žurnalda bulardan başga-da birnäçe makalalar ýerleşdirildi. Aýry-aýry makalalar türkmen-owgan ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmäge, dünýä hojalyk işleriniň çuňlaşmagy şertlerinde halkara abraýyny kemala getirmegiň ýagdaýlaryna, Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini durnukly dolandyrmakda suw diplomatiýasynyň we ylmyň möhüm ornuna, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hukuk meselelerine bagyşlanýar.

Däp bolan “Diplomatik durmuşyň senenamasy” atly umumy sözbaşynyň astynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen maslahatlara, brifinglere, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere, hökümetara toparlaryň mejlislerine, ikitaraplaýyn duşuşyklara hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleri we iri halkara guramalaryň wekilleri bilen geçirilen gepleşiklere bagyşlanan habarlar ýerleşdirildi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan neşir edilýän, her çärýekde çykýan «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly žurnal Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuşynyň ösüşini şöhlelendirýän dürli suratlar bilen bezeldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň