Soňky habarlar

Arhiw

«Owadan ülke» hojalyk jemgyýetinde gök önümleriň her gün 8 tonnasy konserwirlenýär

19:5631.10.2019
0
3183

2016-njy ýylda hususy kärhanalaryny açyp, telekeçilik işini ýola goýan doganlar Röwşen, Döwran Bekmämmedowlaryň öndürýän önümleri bu gün halkymyzyň bereketli saçagynyň gündelik bezegine öwrülmek bilen, daşarky bazarlara-da süýjülik ýoluny açýar. Kärhananyň dünýä belli öňdebaryjy kompaniýalaryň kämil enjamlary bilen üpjün edilen bölümlerinde hyýar, pomidor, bulgar burç ýaly gök önümleriň konserwirlenen, pomidoryň goýultmak görnüşleri, maýonezleriň birnäçe görnüşi «Nur» haryt nyşany bilen ýurdumyzyň ak bazarlarynda tekjeleri bezeýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Nur» haryt nyşany bilen müşderilere ýetirilýän ol önümler Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik sehlerinde taýýarlanýar. Ýaglylyk derejesi 30, 45, 55, 67 göterim bolan maýoneziň 900 gramlyk çüýşe gaplara gaplanan 4 görnüşi, şeýle-de 200 we 400 gramlyk ýöriteleşdirilen kiçi paketlere gaplanan görnüşi, pomidor goýultmagynyň adaty hem ajy görnüşi önümçilikde baý tejribesi bolan hünärmenleriň tutanýerli zähmet çekýän kämil enjamly sehinde taýýarlanýar. Beýleki önümçilik sehinde hyýar 2 görnüşde, ýagny adaty we ajy, pomidor gök hem gyzyl görnüşde 0,5, 900 gramlyk çüýşe gaplarda konserwirlenýär. 1 litrlik çüýşe gapda konserwirlenen pomidor bilen hyýaryň garylan görnüşini-de ildeşlerimiz höwes bilen satyn alýarlar.

Her gün gök önümleriň 8 tonnasy konserwirlenip, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ýaýradylýan bu hojalyk jemgyýetinde önümçiligiň ähli tapgyryna, önümleriň hiline gözegçilik edýän hil barlaghanasy hereket edýär. Taýýar önümleriň saklanýan ýörite sowadyjy ammary bolsa, harytlar üçin degişli howany üpjün edýär. Bu hojalyk jemgyýetinde iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy, oýlanyşykly marketing strategiýasy we önümlere alyjylaryň uly isleg bildirmegi ol önümleriň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, geljekde daşary bazarlarda hem öz ornuny tapjakdygyna ynamy artdyrýar 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň