Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Döwletliler köşgüniň» çagalaryna welosipedler sowgat edildi

23:5130.10.2019
0
8560

Şu gün – 30-njy oktýabrda Aşgabatda ýerleşýän “Döwletliler köşgündäki” çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan welosiped sowgatlary gowşuryldy.

Täze nusgadaky welosipedler ozal döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde sowgat berlipdi - diýip, TDH ýazýar.

Ýeri gelende aýtsak, welosipedleriň ýene-de ikisi Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Prezident muzeýi bölümine hem-de Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze gurulýan binasynda ýerleşdiriljek muzeýe gowşuryldy.

Şu çäreler bilen baglanyşykly paýtagtyň köçelerinde köpçülikleýin welosipedli ýöriş hem guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň