Arhiw

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi

21:0830.10.2019
0
16334

Ýakynda Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde Bütindünýä suw geňeşiniň Dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu geňeşiň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Munuň özi türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän suw diplomatiýasy boýunça başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde ähmiýetli wakadyr. Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä suw geňeşi ählumumy suw meselelerini çözmekde bilermenleri, hökümetara we hökümete degişli bolmadyk guramalary özünde birleşdirýän köptaraplaýyn halkara meýdançadyr. 1996- njy ýylda döredilen bu düzüm dünýäniň 50 döwletinde 300-den gowrak guramany birleşdirýär. Onuň ştabkwartirasy Fransiýanyň Marsel şäherinde ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň