Arhiw

Türkmenabat Halkara howa menzili ýylyň başyndan bäri 400 müňden gowrak ýolagça hyzmat etdi

20:4530.10.2019
0
6045

Üstümizdäki ýylyň dokuz aýynda 430 müň gowrak ýolagçy Türkmenabat Halkara howa menziliniň hyzmatlaryndan peýdalandylar. Bu ýerden uçup giden adamlaryň sany 212 müňden geçdi. Tas şonça diýen ýaly, has takygy, 210 müň gowrak ýolagçyny bolsa how menzilinde kabul etdiler ― diýip, «Jeyhun.news» habar berýär.

Bu ýerden Aşgabat, Daşoguz we Türkmenbaşy şäherlerine göni howa ganawlary ýola goýlan, Aşgabadyň üsti bilen bolsa GDA döwletleriniň we dünýäniň ençeme şäherlerine uçup bolýar. Ýolagçylary gatnatmak üçin özüniň ýokary derejedäki amatlyklary we ygtybarlygy bilen tapawutlanýan «Boing» kompaniýasynyň uçarlaryndan peýdalanýarlar. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa gämileriniň üsti şeýle uçarlar bilen yzygiderli doldurylyp durulýar. Howa menzilinde petekler bellige alnanda, uçara münmäge garaşylýan wagty we uçuş döwründe ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlar edilýär.

Şu döwürde uçarlarda dürli maksatly ýükleriň 463 müň tonnasy ugradyldy we 527 müň tonnasy kabul edildi. Iberilen poçta ýükleriniň mukdary 5 tonna, kabul edilenleri bolsa 8 tonna barabar boldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň