Soňky habarlar

Arhiw

Norwegiýada türkmen-norwegiýa gepleşikleri geçirildi

20:3230.10.2019
0
14306

28-nji oktýabrda Osloda Türkmenistanyň we Norwegiýa Patyşalygynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-norwegiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Norwegiýanyň wekiliýetine Norwegiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Audun Halworsen ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet neşirinde ýazylmagyna görä, söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary, sebit hem-de halkara gün tertibi, şeýle hem Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky ýagdaýlar işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de ykdysadyýetiň energetika we onuň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ähmiýetli ugurlary boýunça özarahereket etmegiň meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar. Şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamynda bilim we tejribeleri alyşmak, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek meseleleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Oslo şäherine iş saparynyň çäklerinde Norwegiýanyň DIM-de 2021-2022-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine Norwegiýanyň dalaşgärliginiň öňe sürülmegi boýunça Norwegiýanyň daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili Eýwind Nordsletten bilen gysga duşuşyk geçirildi. Taraplar halkara giňişliginde dalaşgärlikleriň özara goldanylmagynyň aýratyn ähmiýetliligini nygtamak bilen, birek-biregi mundan beýläk hem hereketleriň sazlaşyklylygynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň wekiliýeti şeýle hem Norwegiýanyň Daşary işler ministrliginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Per Albert Ilsaas bilen duşuşyk geçiridi, onuň barşynda taraplar Türkmenistanyň tutuş Merkezi Aziýa sebitinde, şeýle-de goňşy Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagyna goşýan saldamly goşandy aýratyn nygtalyp geçildi.  

Mundan başga-da, türkmen wekiliýeti OMS kompaniýasynyň başlygy Agnar Forde bilen duşuşyk geçirdi, onda iki ýurduň işewürlik-düzümleriniň arasyndaky özarahereketleri giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, çünki bu ýerde özara durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň