Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5428.10.2019
0
12827

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, baýramçylyk senelerine we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meseleler girizildi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanynyň garamagyna paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony has-da abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek we arassaçylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalarda işleriň depgini, sebitlerde ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, pagta ýygymy möwsüminiň depginini güýçlendirmek, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Hasyl toýy mynasybetli guraljak çäreler ýaly wezipeler boýunça hasabatlar hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti olar boýunça tabşyryklaryny berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň