Arhiw

Türkmenistanyň DIM-nde brifing geçirildi

20:5328.10.2019
0
3269

Şu gün – 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji Maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işleri ministri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa we BMG-niň Baş Sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň Başlygy N.German dagylar çykyş etdiler.

Brifingde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň GH-niň Sammitiniň münberinden eden maksatnamalaýyn çykyşynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasy beýannamasynda dünýädäki häzirki ýagdaýlara baha berildi we şu günki global gün tertibinde duran derwaýys meseleleriň ençemesiniň çözgüdine gönükdirilen möhüm başlangyçlar beýan edilendir.

Goşulyşmazlyk Hereketiniň Baku Sammiti häzirki zaman dünýäde Goşulyşmazlyk Hereketiniň ornuna we ähmiýetine jikme-jik nazar salmaga, häzirki talaplaryň hem-de umuman halkara hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletleýin ösüş mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berendigi aýratyn nygtalyp geçildi. Çünki forumyň şygary hökmünde “Bandung ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki dünýäniň wehimlerine bilelikde we talabalaýyk jogap berilmeginiň üpjün edilmeginiň” saýlanylyp alynmagy ýöne ýerden däldir.

Ministr adamyň binýatlyk hukuklarynyň, BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlarynyň we ýörelgeleriniň hormatlanylmagyny, ähli halklaryň özbaşdaklygynyň we çäk bitewiliginiň hormatlanylmagyny, özara gyzyklanmalaryň we hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegini, adalatlylygyň we halkara borçnamalarynyň hormatlanylmagyny, ähli halkara dawalarynyň BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda parahatçylyk serişdeleri bilen kadalaşdyrylmagy ýaly esaslyk ýörelgeleriň we beýleki birnäçe ugurlaryň garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny düzendigini aýratyn nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň agza-döwletleriniň 73-niň awtordaş bolup çykyş etmeginde Türkmenistanyň 2021-nji ýylyň - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde ykrar edilmegi baradaky başlangyjynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanylmagynyň aýratyn ähmiýetliligi nygtalyp geçildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy şeýle-de brifinge gatnaşyjylara şu ýylyň 21-23-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan iş sapary barada habar berdi. Saparyň çäklerinde türkmen-ýapon işewürlik maslahaty we ýokary derejedäki birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigi hem-de duşuşyklaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigi barada aýdyldy.

Mundan başga-da, brifinge gatnaşyjylara Malaýziýanyň Premýer-ministri doktor Mahathir Mohammedyň 2019-njy ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri barada hem gysgaça habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň