Aşgabatda türkiýeli sungat ussatlarynyň konserti boldy

19:5828.10.2019
0
5475

Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkiýe Respublikasynyň yglan edilmeginiň 96 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi. Türkiýäniň meşhur aýdymçysy Filez Güneşiň, opera aýdymçysy Oguz Çimeniň ýerine ýetiren aýdymlary, Tugçe Dorugyň pianinoda çalan sazlary, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalarynyň ýaňlandyran şirin owazlary konserte gatnaşyjylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy.

— Meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelşim. Bu myhmansöýer toprakda bizi diýseň gadyrly garşyladylar. Konsertiň dowam edýän pursady türkmenistanly tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bizi has-da ruhlandyrdy. Türkiýeli meşhur aýdymçylaryň birnäçesi dürli ýyllarda Aşgabatda, Awazada konsert berdiler. Olaryň ýurduňyzyň gözellikleri dogrusynda berýän gürrüňleri mende bu ýere gelmäge höwes döretdi. Ine, ýurdumyzyň yglan edilmeginiň 96 ýyllygy mynasybetli geçirilen konserte gatnaşyp, türkmen sahnasynda çykyş etmek meni diýseň buýsandyrdy. Ýerli sungat ussatlary bilen duşuşyk, Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelenç bizde, ýakymly täsir galdyrdy. Bu günki konsert biziň halklarymyzyň arasyndaky doganlyk-dostlugyň nyşany hökmünde hiç mahal ýadymyzdan çykmaz. Ýaşasyn, türk-türkmen dostlugy — diýip, opera aýdymçysy Oguz Çimen belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň