Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynda saparda bolar

11:5127.10.2019
0
1144

Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapary meýilleşdirilýär.  Bu barada 26-njy oktýabrda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berildi.

Döwlet Baştutany türkmen-italýan gatnaşyklary barada durup geçip, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly kuwwata, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, işewürler düzümi boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Türkmensitanyň Prezidenti Türkmenistanyň öz tarapyndan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtap, hödürlenen Buýruga gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň