Soňky habarlar

Arhiw

Malaýziýanyň Premýer-ministri Aşgabatda dabaraly garşylanyldy

10:5227.10.2019
0
5798

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda gepleşikler geçirildi. Belent mertebeli myhman düýn ýurdumyza resmi sapar bilen geldi ― diýip, TDH habar berýär.

Myhman Aşgabadyň merkezindäki Garaşsyzlyk meýdanynda dabaraly garşylandyldy. Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Malaýziýanyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki ýurduň Baştutanlary hormat garawulynyň nyzamynyň öňünden geçýärler hem-de iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklaryna tagzym edýärler.

Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Premýer-ministrini Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem Premýer-ministr Mahathir Mohamad ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Belent mertebeli myhman öz nobatynda milli Liderimizi Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Dabaranyň ahyrynda hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdany boýunça dabaraly ýöriş bilen geçýärler. Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna barýarlar. Bu ýerde iki ýurduň Liderleriniň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň