Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda IT meýdançasy dörediler

00:5927.10.2019
0
24336

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 26-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Öwezow döwlet Baştutanyna “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň IT meýdançasyny açmak üçin alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

TDH-nyň bu baradaky habarynda ýazylyşy ýaly, institutyň binýadynda hojalyk hasaplaşygy esasynda hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça meýdançany döretmegiň taslamasynyň taýýarlanandygy habar berildi, bu ýerde hünärmenlere hem-de talyplara diňe bir hünär derejesini ýokarlandyrmak we tehnologiýa babatynda bilim derejesini artdyrmak däl, eýsem tejribe alyşmak hem-de programma üpjünçiligi ulgamynda okuw geçmek mümkinçiligi hem dörediler.

Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny binagärlik taslamalary işläp taýýarlamaga hem-de olary durmuşa geçirmäge çekmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hususan-da, gürrüň «Aşgabat – siti» adyny alan ägirt uly döwrebap mega-taslamasyny amala aşyrmak barada barýar. Bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, durmuş, edara hem-de beýleki maksatly iri desgalar toplumyny, zerur bolan ähli düzümleri gurmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany soňky ýyllarda talyp ýaşlaryň şunuň ýaly jogapkärli işlere gatnaşýandygyny, munuň döredijilik başlangyçlary höweslendirmäge, täzeçil, özboluşly pikirleriň döremegine we amala aşyrylmagyna ýardam edýändigini nygtap, wise-premýere ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň hem-de talyplarynyň aň-bilim kuwwatyny has işjeň herekete girizmek barada tabşyryklar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň