Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda rus kinosynyň günleri geçiriler

00:2327.10.2019
0
10920

3 ― 6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanda «Rus kinosynyň günleri» geçiriler. Dabaralaryň çäginde rus kinematografiýasynyň görnükli wekilleri bilen duşuşyklar hem-de Aşgabat, Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde filmleriň görkezilişi bolar ― diýip, Russiýa Feerasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýurdumyza gelmegine garaşylýan wekiliýetiň düzüminde rus kinosynyň ady rowaýata öwrülen wekili, SSSR-iň halk artisti Swetlana Wladimirowna Nemolýaýewa, «Iki zenan» filminiň prodýuseri, «Kämil önümçilik» kompaniýasynyň baş prodýuseri Natalýa Iwanowa, «Bu hemişelik däl» filiminde çykyş eden Russiýanyň at gazanan artisti, Russiýanyň Arkadiý Raýkin adyndaky «Satirikon» döwlet teatrynyň artisti Agrippina Steklowa, «Gadyrdan kaka» filminiň prodýuseri Georgiý Malkow, rus kinosynyň we teatrynyň görnükli wekilleriniň biri, Russiýanyň at gazanan artisti, Moskwanyň Mariýa Ýermolowa adyndaky drama teatrynyň artisti Wladimir Zaýsew, «Sessizligiň galmagaly» filminiň režissýory Wladimir Potapow, Russiýanyň at gazanan artisti, Russiýanyň Arkadiý Raýkin adyndaky «Satirikon» döwlet teatrynyň artisti Wladimir Bolşow, Russiýanyň at gazanan artisti, Moskwanyň Mariýa Ýermolowa adyndaky drama teatrynyň artisti Tatýana Şumowa, topar ýolbaşçysy, «Festsinema» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Los we toparyň iş dolandyryjy, «Festsinemanyň» baş ýolbaşçysynyň kömekçisi Natalýa Mehowa bolar.

Görkezilen çeşmede ýazylyşy ýaly, rus kinematograflary türkmen tomaşaçylaryny täze filmleri bilen tanyşdyrarlar. Çäreleriň baş maksady bolsa, medeniýet ulgamyndaky, şol sanda kino sungatyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmekden ybaratdyr.

«Rus kinosynyň günleri» Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrlikleri, dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky ilçihanasy hem-de «Festsinema» kompaniýasy tarapyndan geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň