Arhiw

«Zenidiň» futbolçysy Serdar Azmun türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky günlerine gatnaşar

00:2227.10.2019
0
7650
«Zenidiň» futbolçysy Serdar Azmun türkmen medeniýetiniň Sankt-Peterburgdaky günlerine gatnaşar

Sankt-Peterburg şäheriniň dolandyryşynyň resmi saýtynda ýazlyşyna görä, 1-nji noýabrda şäherdäki «Russiýa ― meniň taryhym» seýilgähinde «Ruhubelent Türkmenistan» atly türkmen medeniýetiniň günleriniň açylyş dabarasy bolar. Şäheriň «Zenit» toparynyň futbolçysy, eýranly türkmen Serdar Azmunyň bu dabara hormatly myhmanlaryň hatarynda gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmen halkyna we milli däp-dessurlaryna uly hormat goýýan hüjümçiniň toparynyň geçen möwsümdäki çempionlygy mynasybetli dabarada köpçüligiň öňüne milli don we silkme telpek geýip çykandygyny ýatladýarys.

Dabaralaryň myhmanlary onuň çäginde «Türkmenistan ― ruhubelentligiň sährasy» atly surat sergisini synlap bilerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolsa bu çäreleriň iň täsirli pursatlarynyň biri bolar.

Agşamlyk myhmanlara dabaraly konsert, türkmen milli lybaslarynyň, şaý-sepleriniň sergisi garaşýar. Dabaralara Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasyndan, Sankt-Peterburgyň dolandyryşyndan we ýerli medeniýet-sungat işgärlerinden wekiller gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň