Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Bu tapgyrda myhmançylykda “Nebitçini” 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden “Altyn Asyr” ynamly ýagdaýda birinji orny eýelemegini dowam edýär.
Ikinji orunda ornaşan Türkmenbaşynyň “Şagadamy” hem bu tapgyryň duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlady. Kenarýaka topary myhmançylykda “Merwden” 1:0 hasabynda üstün çykdy.
Soňky wagtlar ynamly oýun görkezýän “Köpetdag” Marynyň “Energetigini” 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy.
Futbol çempionatymyzyň 23-nji tapgyrynyň duşuşyklary 29-njy hem-de 30-njy oktýabrda oýnalar.
Geçirilen duşuşyklaryň netijesi:
“Köpetdag” – “Energetik” – 4:1
Gollar: 14 Ýazgylyç Gurbanow, 55 Baýramgeldi Gulmaýew, 60 Şiri Annaýew, 11 m.j.u., 90+1 Batyrgylyç Berdiýew (“Köpetdag”) – 80 Söhbet Allanurow (“Energetik”)
Duýduryşlar: 54 Baýramgeldi Gulmaýew, 90+1 Ali Borjakow (“Köpetdag”) – 13 Söhbet Allanurow, 60 Merdan Japarow (“Energetik”)
Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)
Tomaşaçy sany: 250
“Merw” – “Şagadam” – 0:1
Gol: 46 Yhlas Magtymow (“Şagadam”)
Duýduryş: 20 Ýunus Orazmämmedow (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)
Tomaşaçy sany: 400
“Nebitçi” – “Altyn Asyr” – 1:3
Gollar: 45, 45+1, 48 Mekan Aşyrow (“Altyn Asyr”) – 77 Akmämmet Metdäýew (“Nebitçi”)
Duýduryşlar: 38 Nurýagdy Muhammedow, 80 Amanmyrat Meredow (tälimçi), 81 Muhammet Annaýew (“Nebitçi”) – 39 Döwletýar Berdiýew (“Altyn Asyr”)
Meýdandan çykarylan: 79 Nurýagdy Muhammedow, ikinji duýduryş (“Nebitçi”)
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: M.Işmuhammedow (Aşgabat ş.)
Tomaşaçy sany: 600