TÝL ― 2019, 22-nji tapgyr: «Şagadam» bilen «Altyn asyr» çempionlyk ýaryşyny dowam edýär, «Köpetdag» bolsa üçünji orna golaýlaşdy

23:4726.10.2019
0
4124

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 22-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Bu tapgyrda myhmançylykda “Nebitçini” 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar eden “Altyn Asyr” ynamly ýagdaýda birinji orny eýelemegini dowam edýär.

Ikinji orunda ornaşan Türkmenbaşynyň “Şagadamy” hem bu tapgyryň duşuşygyny ýeňiş bilen tamamlady. Kenarýaka topary myhmançylykda “Merwden” 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Soňky wagtlar ynamly oýun görkezýän “Köpetdag” Marynyň “Energetigini” 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy.

Futbol çempionatymyzyň 23-nji tapgyrynyň duşuşyklary 29-njy hem-de 30-njy oktýabrda oýnalar.

                                           

Geçirilen duşuşyklaryň netijesi:

“Köpetdag” – “Energetik” – 4:1

Gollar: 14 Ýazgylyç Gurbanow, 55 Baýramgeldi Gulmaýew, 60 Şiri Annaýew, 11 m.j.u., 90+1 Batyrgylyç Berdiýew (“Köpetdag”) – 80 Söhbet Allanurow (“Energetik”)

Duýduryşlar: 54 Baýramgeldi Gulmaýew, 90+1 Ali Borjakow (“Köpetdag”) – 13 Söhbet Allanurow, 60 Merdan Japarow (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 250

 

 “Merw” – “Şagadam” – 0:1

Gol: 46 Yhlas Magtymow (“Şagadam”)

Duýduryş: 20 Ýunus Orazmämmedow (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 400

 

 “Nebitçi” – “Altyn Asyr” – 1:3

Gollar: 45, 45+1, 48 Mekan Aşyrow (“Altyn Asyr”) – 77 Akmämmet Metdäýew (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 38 Nurýagdy Muhammedow, 80 Amanmyrat Meredow (tälimçi), 81 Muhammet Annaýew (“Nebitçi”) – 39 Döwletýar Berdiýew (“Altyn Asyr”)

Meýdandan çykarylan: 79 Nurýagdy Muhammedow, ikinji duýduryş (“Nebitçi”)

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: M.Işmuhammedow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 600

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň