Milanda türkmen-italýan işewürler maslahat geçiriler

23:4726.10.2019
0
4293

Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparynyň çäklerinde Milan şäherinde 6-njy noýabrda Işewürler maslahaty geçiriler. Bu barada 26-njy oktýabrda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berildi.

Forumyň işine Italiýanyň Täjirçilik ministrliginiň Söwda boýunça agentliginiň ýolbaşçysynyň, Lombardiýa welaýatynyň prezidentiniň orunbasarynyň hem-de energetika, nebitgaz, himiýa, azyk hem-de dokma senagaty, gurluşyk we gurluşyk materiallary, oba hojalyk, maşyngurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda iş alyp barýan, önümçilik pudaklary üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary hem-de oba hojalyk tehnikasyny öndürýän kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Garaşylyşy ýaly, maslahata italýan kompaniýalarynyň 100-den gowragy gatnaşar, Türkmenistandan bu çärä ykdysadyýetiň eksport ugurly pudaklarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar.

Şeýle hem forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar guralar hem-de işewür gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky, şol sanda telekeçilik ugry boýunça resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň