Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Ermenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

23:3226.10.2019
0
8607

2019 ýylyň 5–7-nji noýabry aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada wise-premýer B.Abdyýewa 26-njy oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi. Çärä gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik wekiliýeti geler ― diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň Terýan medeni merkeziň hünärmenleri bilen duşuşyklary geçiriler, ermeni kinofilmleri görkeziler. Medeniýet günleriniň açylyş we ýapylyş dabaralary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň