Soňky habarlar

Arhiw

Malaýziýanyň Premýer-ministri Aşgabada geldi

22:0426.10.2019
0
5154

Şu gün agşam - 26-njy oktýabrda Aşgabadyň Halkara howa menzilene  Malaýziýanyň Premýer-ministriniň uçary gelip gondy. “Watan” habarlar gepleşiginde (26.10.2019) habar berilmegine görä, ertir - 27-nji oktýabrda Aşgabatda türkmen-malaýziýa gepleşikleri bolar.

Mälim bolşy ýaly, Malaýziýa biziň ýurdumyzyň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen barha ösýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy nukdaý nazaryndan Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabada resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň  arasynda geçirilen gepleşikler ikitaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berdi.
2015-nji ýylda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda göni howa gatnawynyň açylmagy diňe bir söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynda däl-de, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekde hem möhüm ädim boldy.
Häzirki döwürde Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň we  daşary ykdysady işlerinde strategik ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Günorta we Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy (ASEAN) bilen hyzmatdaşlyk etmek, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şu babatda Türkmenistan ASEAN bilen gatnaşyklary giňeltmegi ugur edinýär hem-de bu maksatlary amala aşyrmakda Malaýziýany esasy hyzmatdaşlarynyň biri hasaplaýar.  

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň durnukly ösüşe, täze ählumumy howplara — terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmäge ýardam bermek ýaly halkara durmuşynyň möhüm meselelerinde taraplaryň  garaýyşlarynyň umumydygyny bellemelidiris. Olar bu ugurda esasy halkara guramalarynda bilelikdäki netijeli işleri dowam etmegi göz öňünde tutýarlar.  

Söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek barada aýdylanda bolsa,  Malaýziýa Türkmenistanyň wajyp we öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir. Indi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda Malaýziýayň «Petronas Çarigali» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Munuň özi ýangyç-energetika toplumynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň kuwwatyny netijeli amala aşyrmagyň anyk mysaly bolup durýar.

Bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynda hem türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi toplanyldy. Mysal üçin, häzirki döwürde köp sanly türkmenistanly talyplary Malaýziýada bilim alýar. Hususan-da, nebitgaz toplumy boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Petronas tehnologik uniwersitetine her ýyl Türkmenistanyň raýatlary okuwa iberilýär.  

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň