Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy

23:4225.10.2019
0
7196

Düýn – 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutany saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň Baştutany bu möhüm halkara forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin öz türkmen kärdeşine hoşallyk bildirip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Goşulyşmazlyk hereketi guramasynyň esasy ýörelgeleri bilen ugurdaş gelýän parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barýandygyna ýokary baha berdi. Bu gurama agza ýurtlar ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbidine bilelikdäki tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýärler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ХХI asyrda dünýäniň gapma-garşylyksyz ösmegi üçin berk binýadyň döredilmegine gönükdirip, yzygiderli öňe sürýän netijeli halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Türkmen Lideri ýurdumyzyň umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän parahatçylyk söýüji we giň netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyna berk eýermek bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýlan goňşy döwletler bilen däbe öwrulen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler halkara durmuşynyň özara gyzyklanma döredýän möhüm meselelerini, şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ygtybarly daşary söwda hyzmatdaşlarydyrlar, olar ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Ilham Aliýew häzirki Sammitde Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy ykdysadyýetiň Goşulyzmazlyk hereketiniň işiniň möhüm ugry bolup durýandygy baradaky wajyp pikirini goldaýandygyny belledi. Biziň döwletlerimiz ösüp gelýän ýurtlaryň kanuny hukuklarynyň we bähbitleriniň goragynda jebisleşikli orunlarda çykyş etmelidirler. Halkara ykdysada gatnaşyklarynda adalatlylygy we deňhukuklylygy işjeň goramalydyrlar. Dünýä söwdasynda hukularyň kemsidilmegine, esaslandyrylmadyk emeli bökdençliklere garşy hem-de halklaryň we döwletleriň ykdysady özygtyýarlylygyň ykrar edilmegi ugrunda çykyş etmelidirler.

Söhbetdeşler şeýle hem döwletleriň ikisiniň hem dünýäde energiýa serişdelerini iri öndürijiler we iberijiler bolup durýandyklaryny, çäk ýakynlygyny hasaba almak bilen, ýangyç-energetika tolumynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligine eýediklerini bellediler.

Ulag ulgamy bilelikdäki hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup çykyş edýär, bu ýerde üstaşyr-ulag ulgamyny döretmekde tagallalary birleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bardyr. Bu ulgamda Türkmenistandaky ýaly Azerbaýjanda hem häzirki zaman düzümleri, hususan-da, awtoulag we demir ýol-parom aragatnaşygyny döretmekde netijeli özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, giň logistik ulgamy kemala getirmäge ýardam berýän port düzümi bardyr.

Söhbetdeşler iki döwletiň hem hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny, şeýle hem olaryň däbe öwrülen
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklap, ýola goýlan netijeli türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň döwletara we sebit ähmiýetli täze giň gerimli bilelikdäki taslamalaryň hasabyna ösdüriljekdigine özara ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti öz azerbaýjan kärdeşine görkezilen myhmansöýerlik we wekilçilikli forumyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew hoşlaşyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklaryna parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuw-isleglerini beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň