Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda täze Saglyk öýi ulanylmaga berildi

22:1425.10.2019
0
5455

Şu gün Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Päkize obasynda durky täzelenen täze iki gatly Saglyk öýüniň açylyş dabarasy boldy ― diýip, TDH habar berýär. Oňa welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň gurluşyk kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan gurlan binada bellige alyş bölümi, dermanhana, gündizki stasionar, maşgala lukmanlarynyň, ginekologlaryň otaglary, stomatologiýa, flýurografiýa, rentgen, EKG, ultra sesli bejeriş otaglary we beýlekiler ýerleşýär.

Oba saglyk merkeziniň dünýäniň belli öndürijileri tarapyndan öndürilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge, ilata hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder.

Gurluşyk işleriniň barşynda ýokary ulanyş häsiýetnamalary hem-de ekologiýa taýdan ygtybarlylygy bilen tapawutlanýan häzirki zaman gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy.

Mundan başga-da, inžener-tehniki kommunikasiýalar döwrebaplaşdyryldy, ýyladyş binasy guruldy, ýanaşyk çäkler abadanlaşdyryldy hem-de täze yşyklandyryş ulgamy çekildi.

Soňky ýyllarda welaýatyň oba ýerlerinde — Görogly etrabynyň Ýagtylyk, Gubadag etrabynyň Gökçäge, Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliklerinde we beýleki ýerlerde saglyk öýleriniň ençemesiniň durky täzelendi. Şol bir wagtyň özünde oba ýerlerinde täze gurlan saglyk öýleriniň sany hem artýar. Muňa Köneürgenç etrabynyň Täze ýol , S.A. Nyýazow adyndaky etrabynyň J.Hudaýbergenow adyndaky hem-de Asudalyk geňeşliklerinde we oba ýerlerinde gurlan beýleki täze saglyk öýlerini mysal görkezmek bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň