Türkmenistanyň Prezidenti Baku şäherinde geçirilýän Goşulyşmazlyk Hereketiniň XVIII sammitine gatnaşýar

12:5725.10.2019
0
5681

Ozal habar berlişi ýaly,  şu gün — 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Baku şäherinde geçiriljek Goşulyşmazlyk Hereketiniň XVIII sammitine gatnaşýar.

Türkmenistan Goşulyşmazlyk Hereketi halkara guramasy bilen işjeň gatnaşyk alyp barýar. Bu iri gurama Birleşen Milletler Guramasyndan soň ululygy boýunça ikinji orunda durýan halkara gurama bolup, ol 1961-nji ýylda Belgrad konferensiýasynyň netijesinde döredildi. Goşulyşmazlyk Hereketini döretmek hakyndaky ilkinji garaýyşlaryň Aziýa we Afrika ýurtlarynyň Bandung konferensiýasynda emele gelendigini bellemek gerek. Bu konferensiýa Indoneziýanyň Bandung şäherinde 1955-nji ýylyň 18 — 24-nji aprelinde 29 döwletiň gatnaşmagynda bolup geçdi. Guramanyň agzalygyna 2012-nji ýylyň sentýabryna çenli 120 döwlet girdi. Onlarça döwletgurama synçy hökmünde gatnaşýar. Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşýan döwletler dünýäniň ilatynyň 55 göterimini, nebit gorlarynyň 76 göterimini we gaz gorlarynyň 53 göterimini özünde jemleýärler. Munuň özi şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetinde hem uly orun tutýandygyny görkezýär. Türkmenistan 1995-nji ýylyň oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň XI sammitinde bu gurama agza boldy, şeýle-de özüniň oňyn bitaraplyk syýasaty babatda, gatnaşyjy ýurtlardan uly goldaw tapdy. Bu goldaw Türkmenistanyň BMG-niň derejesinde Bitarap döwlet diýlip ykrar edilmeginde wajyp orun eýeledi. Guramanyň ýörelgeleri, agza ýurtlaryň maksady, öňki ýaly, dünýä syýasatyna goşulyşmazlyk bolman, eýsem, şu günüň talabyna laýyk gelýän, BMG-niň çäklerinde işjeň hereket etmek, halkara meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşmak, şeýle-de bilelikde halkara meseleleri çözmek arkaly dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek ýaly maksatlara eýermek bolup durýar. Häzirki wagtda Goşulyşmazlyk Hereketiniň halkara gatnaşyklardaky ýagdaýy has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistan bu guramada işjeň hereket edýär. Türkmenustanyň Prezidenti 2012-nji ýylyň 30-njy awgustynda Tähranda geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketine gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVI sammitine gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynda iş saparynda boldy. Forumyň gün tertibinde dünýäde howpsuzlygy, durnukly jemgyýetçilik-ykdysady ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly möhüm halkara meseleleri goýuldy.  Dňwlet Baştutanynyň  guramanyň Baku şäherinde geçirilýän nobatdaky sammitine gatnaşmagy häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde, milli bähbitleri we ählumumy ösüşiň ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hyzmatdaşlygyň has netijeli görnüşlerini kesgitlemäge sazlaşykly çemeleşmeleri döretmekde Türkmenistanyň başlangyjynyň hem-de işjeň nukdaýnazarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň