Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Türkmentel ― 2019» halkara sergisi we maslahaty geçiriler

02:1325.10.2019
0
17762

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2019-nji ýylyň 27 ― 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde  Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel ― 2019» atly XII halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirýär ― diýip, «Türkmentelekomyň» resmi saýty habar berýär.

“Türkmentel ― 2019” – sebit boýunça maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar we telekommunikasiýa ugry boýunça täze üstünlikleri, tejribeleri we pikirleri ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligini berýär. Eksponentler, özleriniň iň ýokary üstünliklerini görkezmek bilen, telekommunikasiýa sektoryna biznes ýoretmekde täze mümkinçilikleri we işewürlik hyzmatdaşlygy ýola goýup, gelejekdäki şertnamalarda we taslamalarda durmuşa geçiriler.

12-nji gezek geçirilýän halkara serginiň we maslahatyň işine daşary ýurtlardan hem kompaniýalaryň onlarçasynyň gatnaşmagyna garaşylýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň