Futzal, Türkmenistan ― 2020: Türkmenistanyň ýygyndysy saýlama ýaryşdaky duşuşyklaryny iki utulyş bilen tamamlady

23:3624.10.2019
0
4522

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygynda hem utuldy. Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen geçirilen bu duşuşyk 3:2 hasabynda garşydaş toparyň peýdasyna tamamlandy.

Milli ýygyndymyzyň saýlama tapgyrdaky ilkinji duşuşykda Eýranyň ýygyndysyndan hem 0:4 hasabynda asgyn gelendigini habar beripdik.

Eýranda geçirilen saýlama duşuşyklardan soňra türkmen futzalçylary Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherine gider. Bu ýerde Robert Grdowiçiň ýolbaşçylygyndaky futzal ýygyndymyz Türkiýäniň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň