Türkmenistanyň futbol kubogynyň final duşuşygynyň geçiriljek wagty belli boldy

22:3224.10.2019
0
3469

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy şu gün öz resmi saýtynda Kubok ýaryşynyň ýarym final we final duşuşyklarynyň geçiriljek günlerini belli etdi. Federasiýasynyň rejenamasynda görkezilişi ýaly, ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary 2-nji nobarda, jogap oýunlary 3-nji we 4-nji dekabrda geçiriler. 14-nji dekabrda bolsa Kubogyň eýesi belli bolar.

Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşy häzir «Altyn asyr», «Aşgabat», «Ahal» we «Köpetdag» toparlarynyň dowam etdirýändigini ýatladýarys. Kubogyň eýesi AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Türkmenistanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň birinji duşuşyklary:

02.11.2019 ý. “Altyn Asyr” – “Aşgabat”

02.11.2019 ý. “Köpetdag” – “Ahal”

Türkmenistanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap duşuşyklary:

03.12.2019 ý. “Aşgabat” – “Altyn Asyr”

04.12.2019 ý. “Ahal” – “Köpetdag”

 

14.12.2019 ý. (şe.) Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň