Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2019-yň ikinji finalçysy belli boldy

21:1924.10.2019
0
2686

Ýaponiýanyň «Urawa Red Daýmonds» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji finalçysy boldy. Topar finalda Saud Arabystanynyň «Al-Hilaly» bilen duşuşar.

Ýapon topary myhmançylykda Hytaýyň «Guançžou Ewergrandyny» 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 50-nji minutda Şinzo Koroki geçirdi. Ilkinji ýarym final duşuşygy 2-nji oktýabrda geçirilipdi. Onda «Guançžou Ewergrand» «Urawa Red Daýmondsa» 0:2 hasabynda boýun egipdi.

«Al-Hilal» jogap duşuşygynda «Al-Saddan» 2:4 hasabynda asgyn gelen hem bolsa, iki duşuşygyň umumy netijesi boýunça finala çykmaga hukuk gazanypdy.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi 9-njy we 24-nji noýabrda geçiriljek final duşuşyklarynyň netijesinde belli bolar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň