Soňky habarlar

Arhiw

Alekseý Butorin ACA-nyň çempionlyk guşagyny Döwletjan Ýagşymyradowdan almaga synanyşar

13:1624.10.2019
0
9307

Russiýaly Alekseý Butorin ACA-nyň çempionlyk guşagyna mynasyp bolmak üçin göreşer diýip, «Matç TW» teleýaýlymynyň resmi saýty habar berýär.

Guşagyň häzirki eýesi, türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow bilen russiýaly türgeniň arasyndaky tutluşyk 14-nji dekabrda bolar. Bu duşuşygyň Sankt-Peterburg şäherindäki «Sibur Arena» sport toplumynda bolmagyna garaşylýar.

ACA-nyň türkmenistanly ilkinji wekili we häzirki çempiony Döwletjan Ýagşymyradow bu arzyly guşagy şu ýylyň 16-njy martynda Warşawada ýerli pälwan Karol Selinskini ýeňmek bilen gazandy. Döwletjan Ýagşymyradow 2018-nji ýylyň 5-nji maýynda russiýaly Batraz Agnaýewi ýeňip, ACB-niň hem çempiony bolupdy.

Alekseý Butorin bolsa öz agramynda duşuşyklaryny iň köp nakaut bilen jemlän türgenleriň biridir. 33 ýaşly türgeniň karýerasynda 15 ýeňiş, 3 deňlik bar. Ol heniz ýeke garşydaşyndan hem ýeňilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň