Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Türkmenistan ― 2020: türkmen futzalçylary saýlama tapgyrdaky ilkinji duşuşygyny geçirdiler

23:4823.10.2019
0
5749

Şu gün ― 23-nji oktýabrda Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Eýranyň Urmiýa şäherindäki «Ghadir Hill» sport toplumynda geçirilen duşuşykda ildeşlerimiziň garşydaşy ýer eýeleri boldy. Duşuşyk Eýranyň ýygyndysynyň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ertir Robert Grdowiçiň şägirtleri Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu duşuşyk türkmen futzalçylarynyň Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky ahyrky duşuşygy bolar.

Toparçada haýsy orny eýelejekdigine garamazda, Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň saýlama ýaryşda ýitirýän zady ýok. Çünki nobatdaky Aziýa çempionatynyň ýer eýesi hökmünde biziň milli ýygyndymyz jemleýji ýaryşa gatnaşar. Umuman, Merkezi we Günorta zolagyň «B» toparçasyndaky üç ýygyndynyň üçüsi hem eýelän ornuna garamazdan, Türkmenistan ― 2020-ä gatnaşar.

Zolagyň «A» toparçasyndaky duşuşyklarda Täjigistan Nepaly 6:0, Özbegistan Owganystany 6:2 hasabynda ýeňdi.

Eýrandaky duşuşyklar tamamlanansoň, Türkmenistanyň futzal çempionaty Aziýa çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde Stambul şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Bu ýerde türkmen futzalçylary Türkiýäniň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň